Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Wakada 33 adam ýogaldy

379886
Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Owganystanyň Host şäherinde ABŞ-nyň esgerleriniň hem bar bolan Çampan harby bazasynyň golaýynda guralan hüjümde aralarynda çaga we zenan bolan asuda ilatdan 27 adam we 6 polis işgäri ýogaldy.
Hostyň Polisiýa bölüminiň başlygy Faýzullah Gaýret harby bazanyň golaýynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan şol hüjümde asuda ilatdan 10 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Owganystandaky NATO güýçleri tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Çapman harby bazasyna hüjüm guralandygy tassyklanýar.
ABŞ-dan we beýleki ýurtlardan gelen esgerleriň hem bar bolan Çapman harby bazasyna 2009-njy ýylda hem hüjüm guralypdy, wakada ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň 7 işgäri ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar