ÝB uýgurlaryň yzyna berilmegine garşylyk görkezdi

Eştyn basyşlardan gaçyp Taýlanda baran 115 uýguryň Hytaýa yzyna berilmegine garşylyk görkezdi

378788
ÝB uýgurlaryň yzyna berilmegine garşylyk görkezdi

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan jogapkär ýokary wekili Ketrin Eştyn basyşlardan gaçyp Taýlanda baran 115 uýguryň Hytaýa yzyna berilmegine garşylyk görkezdi.
Eştyn mesele barasynda beren ýazmaça beýanatynda zenanlar we çagalar bilen birlikde uýgurlaryň Hytaýa yzyna berilmeginiň halkara adam hukuklarynyň esasy doktrinasy bolan yzyna ugradylmazlyk ýörelgesine tersdigini nygtady.
Eştyn “Taýlandyň Halkara medeni we syýasy hukuklar” şertnamasyna laýyklykda jogapkärçilikleri bar. Galan uýgurlaryň öz isleglerine we özlerini kabul eden ýurda gitmeklerine rugsat berilmeli”diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar