Ilkinji resmi parahatçylyk gepleşiklerinden netije alynmady

Owganystanyň hökümeti bilen Talibanlylaryň arasynda geçirilen ilkinji resmi parahatçylyk gepleşiklerinden netije alynmady

337684
Ilkinji resmi parahatçylyk gepleşiklerinden netije alynmady

Owganystanyň hökümetiniň ýolbaşçylary we Talibanlylaryň wekilleri arasynda Pakistanyň paýtagty Yslamabadyň golaýyndaky Muri şäherinde geçirilen ilkinji resmi parahatçylyk gepleşiklerinden netije alynmady.
Gepleşikleriň Oraza aýyndan soň dowam edilmegi barada ylalaşyldy.
Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Kazi Halilullah düýnki gepleşiklere ABŞ-nyň we Hytaýyň wekilleriniň synçy hökmünde gatnaşandygyny habar berdi.
Gepleşiklere Owganystanyň hökümetinden we Talibanlylardan kimiň gatnaşandygyny mälim etmedik Halilullah maslahata gatnaşanlaryň Owganystanda parahatçylygy we barlyşygy ýola goýmak meseleleri ara alynyp maslahatlaşylandygyny nygtady.
Metbugat geňeşçi sebitde asudalygy ýola goýmak üçin iki tarapyň hem parahatçylyk gepleşiklerine hyjuwlylyk we töwekgellik bilen gatnaşjakdygy we ynam berjek hereketleri etjekdikleri barada ylalaşandyklaryny belledi.
Pakistandaky diplomatik çeşmeleriň habar bermegine görä bolsa geçirilen parahatçylyk gepleşiklerinde hüjümleriň bes edilmegi we beýleki meseleler babatynda netije alynmandygyny, emma iki tarapyň hem anyk teklipleri hödürländigi aýdylýar.
Owganystanda takmynan 10 aý ozal saýlawlar netijesinde hökümetiň başyna gelen ýolbaşçylar bilen Talibanlylaryň arasynda geçirilen ilkinji resmi parahatçylyk gepleşikler ýaragly çaknyşyklar, partlamalar we ölümler bolýan bu ýurt üçin örän wajyp.
Mundan ozal hem Dubaýda, Osloda we Dohada Owagnystanyň hökümetiniň we Talibanlylaryň wekilleriniň arasynda parahatçylyk gepleşikleri geçirilen bolsada Owganystanyň hökümeti olaryň resmi däldigini we gatnaşanlaryň hökümeti wekil etmeändigini nygtadylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar