Hyzmatdaş güýçler Rakka hüjüm gurady

Gilleran “Guralan hüjümleriň häzirki wagta çenli Siriýa guralan howa hüjümleriň iň şowlysydygyny” belledi

332943
Hyzmatdaş güýçler Rakka hüjüm gurady

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Hyzmatdaş güýçleriniň uçarlary Siriýada terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky Rakka şäherine 16 gezek howa hüjümini gurady.

Tebigy durnuklylyk oprerasiýalary Birleşen umumy ýörite topar tarapyndan berilen beýanatda dün guralan şowly hüjümlerde guramanyň hereket meýdanynyň daraldylandygy, DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky binalaryň we Siriýanyň içindäki tranzit ýolynyň weýran edilendigi nygtalýar.

Tebigy durnuklylyk oprerasiýalary Birleşen umumy ýörite toparyň metbugat geňeşçisi Tomas Gilleran: “Guralan howa hüjümler şu günki güne çenli Siriýa guralan iň uly hüjümler. Hüjümleriň kömegi bilen guramanyň Rakkadaky hereket etme ukybyny daraltdyk” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar