Boko Haram ýene-de 200 adamy öldürdi

Guralan soňky hüjümler soňky birnäçe aýyň iň uly hüjümleridigi aýdylýar

332604
Boko Haram ýene-de 200 adamy öldürdi

Nigeriýada terror guramasy Boko Haramyň hüjümleri netijesinde soňky 24 sagadyň dowamynda 200-den gowrak adam ýogaldy.
Ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky obalara hüjüm guran terrorçylar aralarynda zenanlaryň we çagalaryň hem bar bolan onlarça adamy öldürdiler.
Kukawa obasyna hüjüm guran Boko Haram metjidi ýakdylar, namaz okaýan adamlary öldürdiler.
Terrorçylar obadaky ulaglary we öýleri oda berdiler.
Şaýatlaryň habar bermegine görä käbir öýler adamlar içindekä ýakylypdyr.
Borno obasynda metjide guralan we namaz okap duran 12 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan kamikaze hüjümini guran adamyň zenandygy aýdylýar.
Zabarmari obasyna guralan hüjümde terrorçylaryň arasynda zenanlar hem bar diýip bellenýär. Obada 6 kamikaze hüjümi guraldy.
Nigeriýanyň Prezidenti Muhammed Buhari hüjümleri guranlara wagşylar we zalymlar diýip nygtady.
Hüjümlerden soň Nigeriýanyň Ýaragly güýçleri terrorçylara garşy operasiýa başlatdy.
Nigerýanyň Ýaragly güýçleri bilen terror guramasy Boko Haramyň arasyndaky ýaragly çaknyşyklar häzirki wagtda Maiduguri şäheriniň töwereklerinde dowam edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar