BBC DAEŞ-e "Yslam döwleti" diýmekde tutanýerli

Kameron bilen BBC-niň arasyndaky DAEŞ dartgynlygy dowam edýär

332025
BBC DAEŞ-e "Yslam döwleti" diýmekde tutanýerli

Kameron bilen BBC-niň arasyndaky DAEŞ dartgynlygy dowam edýär.
Britaniýanyň ýaýlym guramasy BBC Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameronyň terror guramasy DAEŞ üçin “Yslam döwleti” sözüniň ulanylmazlygy barada beren çagyryşyny kabul etmeýär.
Kameron BBC-niň habarlarynda DAEŞ üçin “Yslam döwleti” sözüniň ulanylmagyny tankyt edipdi we “Çünki ol yslam döwleti däldir, gorkunç we wagşy ulgamdyr” diýipdi.
Britaniýanyň Premýer ministri Kameronyň beren çagyryşyndan soň 120 halk deputaty hem BBC-ä hat ýazyp “Yslam döwleti” sözüniň ulanylmazlygyny isledi.
Konserwator partiýaly halk deputaty Rehman Çristiniň ýolbaşçylygyndaky 120 parlamentar BBC-den “Yslam döwletiniň” ýerine DAEŞ sözüniň ulanylmagyny isledi.
Hata Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron bilen birlikde Londonyň şäher häkimi we konserwator halk deputaty Boris Jonson we Şotland Milli partiýasynyň halk deputaty, partiýanyň ozalky başlygy Aleks Salmond hem goý goýdy.
BBC-niň Baş müdüri Toni Hell berlen çagyryşlara jogap hökmünde ýazan makalasynda mundan soň “Toslama Yslam döwleti” sözüni ulanjakdyklaryny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar