Lýuksemburg ÝB-niň döwürleýin başlygy

Lýuksemburg Ýewropa Bileleşiginiň döwürleýin başlyklygyny Latwiýadan aldy

329798
Lýuksemburg ÝB-niň döwürleýin başlygy

28 ýurdy we takmynan 500 million adamy özünde jemleýän ÝB-niň indiki döwürleýin başlygy Lýuksemburg boldy.
Lýuksemburg 6 aýlyk döwürleýin başlyklygynda Türkiýäniň hem gatnaşmagynda täze ugurlaryň açylmagyny maksat edinýär.
Ýurduň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly Baş ilçisi Arlette Konzemius esasan hem ykdysadyýet bilen baglanşykly ugurlaryň açylmagy üçin ýurduň ýolbaşçylarynyň elinden gelenini gaýgyrmajakdyklaryny belledi.
Lýuksemburg ÝB-niň iň kiçi we bileleşigi esaslandyran 6 döwletiň biridir.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar