Aşa yssy sebäpli ýogalýanlaryň sany köpelýär

Pakistanda aşa yssy howa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 233 adama ýetdi

322672
Aşa yssy sebäpli ýogalýanlaryň sany köpelýär

Pakistanda howanyň temperaturasy 45 gradusdan 34 gradusa çenli peslsede ýogalýan adamlaryň sany şonda-da artýar.
Ýogalýan adamlaryň sany esasan hem Pakistanyň Karaçi welaýatynda köpelýär. Welaýatyň hassahanalary we morglary bejeriş astyna alynan we ýogalan adamlardan doly.
Takmynan 80 müň adam aşa yssy howa sebäpli hassahanalarda bejeriş astyna alyndy.
Ýogalan adamlaryň köplüginiň esassy sebäpleri elektrik toklaryň günde 14 sagat töwerek kesilmegi we suwlaryň ýygy-ýygydan kesilmegi bolup durýar.
Hindistanda geçen aý aşa yssy howa sebäpli 2 müňden gowrak adam ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar