Aşa yssy sebäpli ýogalanlaryň sany 450 adama ýetdi

Jöwzaly günleriň ertir hem dowam etjekdigi habar berildi

314986
Aşa yssy sebäpli ýogalanlaryň sany 450 adama ýetdi

Jöwzaly günleri başdan geçirýän Pakistanda ýogalanlaryň sany barha köpelýär.

Pakistanyň merkezinde we günortasynda howanyň ýylylygy 47 derejä çenli baryp ýetdi.

Aşa yssy sebäpli ýogalanlaryň sany 450 adama ýetdi.

Ýurduň günortasynda ýerleşýän Karaçi şäherinde soňky 3 günde aşa yssy sebäpli 200 adam ýogaldy.

Karaçidäki keselhanalarda hassalar üçin ýer galmady. Aşa yssy howa tolkuny sebäpli syrkawlan hassalar başga keselhanalarda bejeriş astyna alynýar.

Aşa yssy howa tolkuny Karaçi bilen birlikde beýleki şäherlerde hem gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Karaçi uniwersitetinde aşa yssy howa zerarly synaglar 1 aý yza süýşürildi.

Jöwzaly günleriň ertir hem dowam etjekdigi habar berildi.

Pakistanyň goňşusy Hindistanda geçen aý aşa yssy howa sebäpli 2 müňden gowrak adam ýogalypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar