Çadyň ganly güni

Orta Afrikada ýerleşýän Çatda guralan hüjümde 27 adam ýogaldy

304557
Çadyň ganly güni

Çadyň paýtagty Niýamenada polisiýa merkezine we Ýöriteleşdirilen howpsyzlyk gullugynyň binasyna guralan iki aýry hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 27 adam ýogaldy, 60 adam ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe öz üstüne alan bolmady.

Polisiýa terror guramasy Boko Haram gurandyr diýip çak edýär.

Çad döwleti hem sebitdäki beýleki ýurtlar ýaly Boko Harama garşy guralýan operasiýalara ýanwar aýyndan bäri goldaw berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar