ÝB, Latyn Amerika we Karaýipler toparynyň maslahaty tamamlandy

Klimat çalşygy, guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş we ykdysady ösüş ýaly meseleler seljerildi

302305
ÝB, Latyn Amerika we Karaýipler toparynyň maslahaty tamamlandy

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen ÝB, Latyn Amerika we Karaýipler toparynyň maslahaty öz işini tamamlady.
60-dan gowrak ýurduň döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagynda geçirlen we 2 gün dowam eden maslahatda klimat çalşygy, guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşiň dowam etdirilmegi we ykdysady ösüş ýaly birnäçe ugurda bilelikdäki iş meýilnamasynyň alnyp barylmagy barada karar kabul edildi.
Maslahatyň jemleýji jarnamasynda syýasy dialogyň dowam etdirilmegi bilen milli we sebitara galkynyşa goşant goşjak taslamalaryň üstünde işleniljekdigi ýatladyldy.
ÝB, Latyn Amerika we Karaýipler toparynyň 2016-njy ýylda Daşary işler ministrleri derejesinde jemlenişmegi, bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň gözden geçirilmegi we täze strategiýanyň kesgitlenmegi barada karar kabul edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar