Hindistnda ýaragly çaknyşyk boldy

Çaknyşykda 100 başbozar öldürildi

301028
Hindistnda ýaragly çaknyşyk boldy

Hindistanyň Howpsyzlyk güýçleriniň Mýanma serhedinde başbozarlara garşy guran operasiýasynda 100 başbozar öldürildi.
Hindustan Time gazeti tarapyndan berilen habara görä Mýanma serhediniň takmynan 4 km içinde guralan operasiýa 45 minut dowam etdi.
Habarda operasiýanyň guraljagyndan Mýnamaly ýolbaşçylaryň habarynyň bardygy mälim edilýär.
Hindistanyň demirgazyk-gündogarynda hökümetiň tebigy baýlyklary alsada ýerli meseleler bilen gyzyklanmaýandygyny nygtaýan maoist başbozarlar ýaşaýar.
Hindistanyň Howpsyzlyk güýçleri başbozarlaryň geçen hepde Manipur welaýatynda harby ulaglara hüjüm gurap 18 esgeri öldürmeginden soň sebitde operasiýa başlatdy.
Mýanma 2010-njy ýyldan bäri Hindistanyň Ýaragly güýçleriniň başbozarlara garşy öz serhediniň çäklerinde ýaragly operasiýa geçirmegini rugsat berýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar