Asada tabynlykdaky güýçler Humusa hüjüm gurady

Hüjümde 23 adam ýogaldy

295695
Asada tabynlykdaky güýçler Humusa hüjüm gurady

Asada tabynlykdaky güýçleriň Siriýanyň Humus şäherine guran hüjüminde 23 adam ýogaldy.

Ýogalanlaryň arasynda çagalar we zenanlar hem bar.

Humusyň media merkezi tarapyndan berilen beýanata görä Asada tabynlykdaky güýçlere degişli dik uçar oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Zafaran obasyna barrel bomasy bilen hüjüm gurady.

Hüjümde ýaralanan onlarça adam sebitdäki hassahanada bejeriş astyna alyndy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar