Ýolagçylaryň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

Häzirki wagta çenli 14 adam halas edildi

292515
Ýolagçylaryň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

Hytaýda sişenbe güni 456 ýolagçyny daşan gäminiň Ýangze derýasynda batmagy sebäpli başladylan gözleg we agtaryş işleri dowam edýär.

Häzirki wagta çenli gämiden 14 adam halas edildi, 65 adamyň jesedi çykaryldy.

Dereksiz ýiten ýüzlerçe adamdan entegem habar ýok.

Aşa köp ýagýan ýagyş halas ediş işleriniň dowam etdirilmegini kynlaşdyrýar.

Halas ediş işlerine 180 halas ediji we 5 dik uçar gatnaşýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar