Gilani zamun alynan ogly bilen telefon arkaly gepleşdi

Ali Haýdar Gilani 2013-nji ýylyň maý aýynda kimligi näbelli adamlar tarapyndan zamun alnypdy

287717
Gilani zamun alynan ogly bilen telefon arkaly gepleşdi

Pakistanyň ozalky Premýer ministri 2 ýyl ozal zamun alynan ogly bilen telefon arkaly gepleşdi
Gilani 2 ýyldan bäri ýüzüni görmedik ogly Ali Haýdar bilen 8 minut telefonda gepleşendigini aýtdy.
Gilani “Oglymy zamun alanlar Ali Haýdaryň boşadylmagy üçin Pakistanyň tussaghanalarynda tussaglykda saklanýan Talibana we Al Kaida agza başbozarlaryň boşadylmagyny talap edýär, paç soramaýar”diýdi.
Ýusuf Ryza Gilany 2008-2012-nji ýyllarda Pakistanyň Premýer ministri wezipesini ýerine ýetiripdi.
Gilanynyň ogly Ali Haýdar Gilani 2013-nji ýylyň maý aýynda Multan şäherinde saýlaw mitinginde mahaly kimligi näbelli adamlar tarapyndan zamun alnypdy.
Beýleki tarapdan Hub şäherinde Prezident Memnun Hüseýiniň ogly Salman Mamnunyň garşy hüjüm guraldy.
Motosiklede goýlan bomba uzakdan gönükdirilýän ulgam arkaly partladyldy.
Salman Memun ýaralanmazdan halas boldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar