MIKTA bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň maslahaty

MIKTA bileleşiginiň (Meksika-İndoneziýa-Günorta Koreýa-Türkiýe-Awstraliýa) daşary işler ministrleriniň 5-nji maslahaty Günorta Koreýada geçirildi

284145
MIKTA bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň maslahaty

Maslahatda BMG-nyň Parahatçylyk güýjüniň operasiýalaryndan Howpsyzlyk Geňeşiniň özgedilmegine, terrorçylyga garşy göreşden bosgun meselelerine çenli birnäçe ugurda pikir alyşyldy.
Ösüş hyzmatdaşlygy, Howa çalşygy, Kiber howpsyzlyk ýaly meselelere-de garalan maslahatda MİKTA-nyň resmi web saýty (mikta.org) hem açyldy.
Maslahatda Awstraliýanyň sentýabr aýyndan başlan MİKTA-nyň utgaşdyryjy ýurdy bolmagy barada karar kabul edildi.
Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly maslahatda Siriýa meselesiniň çözülmegi baradaky garaýyşlaryny beýan etdi, Ženewa jarnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Siriýanyň hökümetine basyş edilmelidigini aýtdy.
Çawuşogly terrorçylyga garşy göreşde giň gerimli strategiýanyň durmuşa geçirilmelidigini nygtady.
Daşary ýurtly söweşijileriň Türkiýe üçin uly howp emele getirýändigini we bu meselede howpsyzlyk çärelerini görendiklerini nygtan Çawuşogly: “Emma bu meselede halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk we maglumat alyşygynyň has-da giňeldilmegini isleýäris” diýdi.
Andaman deňizinde başdan geçirilýän bosgun pajygalaryna-da ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly bu meseläniň ortadan aýrylmagy üçin rohingiýalaryň Mýanmadaky şertleriniň gowulandyrylmalydygyny aýtdy.
Çawuşogly Türkiýäniň bu mesele boýunda bir million dollar goşant goşjakdygyny we degişli ähli goldawy berjekdigini kepillendirdi.
Çawuşogly maslahata gatnaşan kärdeşleri bilen özara we toparara gepleşikler hem geçirdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar