"DAİŞ-den ýeňilýändigimizi pikir edemok"

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama ýurdunyň Yrakda DAİŞ-e garşy alynyp barylýan göreşde ýeňilmändigini aýtdy

284820
"DAİŞ-den ýeňilýändigimizi pikir edemok"

“The Atlantic” žurnalyna interwýu beren Obama “Ramadiniň elden berilmegi bilen ABŞ DAİŞ-den ýeňilýärmi” soraga: “Ýok, ýeňilýändigimizi pikir edemok. Yragyň howpsyzlyk güýçleri biz tarapyndan tälim berilen güýçler däl. Şol sebäpli Ramadi birnäçe wagtdan bäri goragsyzdy. Emma Ramadiniň DAİŞ-iň eline geçmeginiň taktiki yza çekilmedigine şübhe ýok” diýip jogap berdi.
Obama başga bir soraga bolsa: “Yrakdan alynan sapaklar meselesinde çürt kesik pikire geldim. Birinjiden Yraga girmek ýalňyşlykdy” diýip jogap berdi.
Yragyň howpsyzlyk güýçlerine berilýän goldawyň dowam etjekdigini nygtan Barak Obama: “Emma eger-de yraklylar ýurtlarynyň howpsyzlygy üçin söweşme niýetini görkezmän halatynda biz olaryň adyndan söweşip bilmeris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar