Merkeliň Ukrainanyň ÝB-ne agzalygy baradaky beýanaty

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel “Ukraina ilki bilen göz öňünde tutulýan şertleri ýerine ýetirmeli we ÝB-niň ülňülerine ýakynlaşmaly” diýdi

283376
Merkeliň Ukrainanyň ÝB-ne agzalygy baradaky beýanaty

Berlinde Federal Mejlisde çykyş eden Merkel Ukrainanyň degişli şertleri berjaý etmän ÝB-ne agza bolup bilmejekdigine ünsi çekdi.
Ukrainanyň raýatlary üçin wize ýeňilliginiň döredilmegi barada-da durup geçen Merkel: “Wiza ýeňilligi ähli şertler ýerine ýetirilen halatynda mümkin bolup biler” diýmek bilen, bu barasynda ýylyň ahyryna çenli netije çykmajakdygyny nygtady.
Şeýle-de Russiýanyň ýakyn geljekde ýaňadandan G-7-ä degişli bolup bilmejekdigini aýdan Merkel “Russiýa halkara hukugynyň kadalaryny berjaý etmän halatynda G-8 formatyna ýaňadandan dolanyp barylmagy göz öňünde tutulmaz” diýdi.
Merkel G-7-niň şol bir gymmatlyklara eýe bolan topardygyny nygtap, halkara hukugyna we döwletleriň territorial bitewiligine sarpa goýmagyň şoňa degişlidigini we Russiýanyň Ukraina bolan çemeleşmesiniň oňa laýyk gelmeýändigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar