NATO-nyň harby geňeşiniň maslahaty

NATO agza ýurtlaryň Baş Ştablarynyň Başlyklary ýylyň ikinji maslahatynyň çäginde Brýusselde duşuşarlar

281457
NATO-nyň harby geňeşiniň maslahaty

Russiýanyň ýaýbaňlanýan harby türgenleşiklerinden duýýan biynjalyklygyny beýan eden NATO-nyň iki gün dowam etjek maslahatynda İş meýilnamasyna görülýän taýarlyklar, Ygrarly goldaw missiýasy, Ukraina we Gruziýa bilen harby hyzmatdaşlyk barada pikir alyşylar.
NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg düýn Russiýa harby türgenleşikler meselesinde has aç-açan çemeleşmek barada çagyryş berdi.
Stoltenberg Brýusselde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda separatistlere berilýän harby goldawyň bes edilmegini isledi.
Stoltenberg Ukrainadaky ähli rus harby güýçleriniň yzyna çekilmegini öz içine alýan Minsk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar