Rim Papasy Abbasa medal berdi

Palestinanyň Prezidenti Mahmu Abbas Katolikleriň dini lideri Papa Fransisk bilen Watikanda duşuşdy

277742
Rim Papasy Abbasa medal berdi

Ikiçäk duşuşykda Papa Fransisk Abbasa: “Sen parahatçylyk perişdesi diýip pikir edýärin” diýdi we “Parahatçylyk perişdesi medalyny” berdi.

Mahmut Abbasyň ýolbaşçylyk etmegindäki Palestinanyň wekiliýeti Papa bilen duşuşanyndan soň, Watikanyň Döwlet sekretary Kardinal Pietro Parolin bilen duşuşdy.

Palestinanyň Prezidenti Abbas şu gün Eziz Petrus meýdançasynda 19 asyrda ýaşap geçen iki palestinaly zenan monahyň keramatly diýip yglan edilmegine bagyşlanan dabara gatnaşar.

Watikanyň şu hepdäniň dowamynda Palestinany döwlet hökmünde kabul etmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar