NATO agza ýurtlar Antalýada jemlenişdi

Dawutogly Siriýa krizisiniň çözülmeginde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi

272779
NATO agza ýurtlar Antalýada jemlenişdi

NATO agza 28 ýurduň daşary işler ministri bilen 17 ýurduň ýokary derejeli wekilleri Antalýanyň Belek etrabynda jemlenişdi.
NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň açylyş dabarasynda söz sözlän Premýer ministr Ahmet Dawutogly Siriýa krizisiniň çözülmeginde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Dawutogly terror guramasy DAIŞ tarapyndan abanýan howpa garşy birlikde göreşilmelidigini belledi.
Beýleki tarapdan NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri maslahatda seljeriljek meseleler hakynda maglumat berdi.
Ukraina krizisi we Owganystan meselesiniň seljeriljekdigini aýdan Stoltenberg terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşe ünsi çekdi.
Kerri bolsa “Russiýanyň tarapdary seperatistler bilen Putiniň duşuşmagy üçin tagalla ederis” diýdi

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar