Kongoda Parahatçylyk güýjine garşy hüjüm guraldy

Pan Gi Mun hüjümi berk ýazgardy

263440
Kongoda Parahatçylyk güýjine garşy hüjüm guraldy

Demokratik Kongo Respublikasynda BMG-nyň Parahatçylyk güýjine garşy guralan hüjümde 2 esger ýogaldy, 13 esger ýaralandy, 4 esger bolsa ýitdi.

BMG-sy tarapyndan berilen beýanatynda ýurduň günortasyndaky Beni sebitinde bolan hüjümde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň Tanzaniýanyň raýatlarydygy aýdylýar.

BMG-nyň Parahatçylyk güýji sebitde ugandaly başbozar toparlara garşy göreşde Kongonyň Ýaragly güýçlerine logistika goldawyny berýär.

Sebitde geçen hepdäniň ahyrynda bolan ýaragly çaknyşykda 16 başbozar öldürilipdi.

Başbozarlar bolsa öz gezeginde Parahatçylyk güýjiniň esgerlerini daşaýan dik uçara ot açypdy.

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun esgerlere we asuda ilata yzly-yzyna guralan hüjümleri berk ýazgardy we Demokratik Kongo Respublikasynda asuda ilaty gorajakdyklaryny we başbozarlara garşy göreşi dowam etdirjekdiklerini beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar