Obama "Uly betbagtçylyk" diýdi

“1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar baradaky şahsy garaýşymy ozal hem beýan etdim”

248290
Obama "Uly betbagtçylyk" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama 1915-nji ýyldaky wakalar üçin ýenede bir gezek “Uly betbagtçylyk” sözüni ulandy.
ABŞ-nyň Prezidenti tarapyndan 1993-nji ýyldan bäri her ýyl yzygiderli ýagdaýda 24-nji aprel güni çap edilýän jarnamada ermeni diasporasynyň ähli tagallalaryna garamazdan Prezident Obama “genosit” sözüni ulanmady.
“1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar baradaky şahsy garaýşymy ozal hem beýan etdim” diýen Obama şol garaýşynyň üýtgemändigini nygtady.
Obama jarnamasynda Türkiýeli we Ermenistanly taryhçylaryň ady agzalýan döwür baradaky garaýyşlaryna ähmiýet berjekdiklerini” nygtady.
“Ajy miras”hökmünde häsiýetlendirlen wakalardan ders alynmalydygyny aýdan Obama, şeýlelikde geljek nesilleriň muny gaýtalamajakdygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar