Boko Haram ýene-de hüjüm gurady

Terror guramasy Boko Haram tarapyndan Nigeriýanyň Borno welaýatynda guralan hüjümde 5 adam ýogaldy

227045
Boko Haram ýene-de hüjüm gurady

Borno welaýatynyň paýtagty Maidiguriniň 12 km uzaklygynda ýerleşýän Kaýamla obasynda Boko Haramyň agzalary çem gelen ýere ot açdylar.

Terrorçylar soňra bolsa obany talap, ol ýerdäki pullary we azyk önümleri ýanlary bilen alyp gitdiler.

BMG tarapyndan berilen beýanata görä Nigeriýada geçen ýyldan bäri terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan hüjümlerde 7 müň 300 adam ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar