Ýemene guralýan howa hüjümleri dowam edýär
Aden şäherinde roketa hüjümleri sebäpli azyndan 40 adam ýogaldy
290618
Saud Arabystanynyň öňbaşyçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleri Ýemeniň paýtagty Sana guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär.
Ýurduň günortasyndaky Aden şäherinde roketa hüjümleri sebäpli azyndan 40 adam ýogaldy.
Ýemeniň gündogaryndaky Hudeýde şäherinde gatyk fabriginde bolan ýangynda 29 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy.
Ýangynyň sebäbi doly bilinmeýär.
Beýleki tarapdan Husiler Dali şäherini bombalamagy kabul etmedik 7 esgeri öldürdi.
Husileriň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Babül Mendew bogazynyň golaýynda ýerleşýän Taiz şäherine ýarag we harby enjam getirmegi sebäpli halk sebiti terk edýär.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.