Siriýada oppozisionler üstünlik gazanýar

Oppozisionerler Idlib şäheriniň esasy böleginde gözegçiligi ýola goýdy

285644
Siriýada oppozisionler üstünlik gazanýar

Oppozisionerler aldym-berdimli çaknyşyklardan soň 100 müň ilatly Idlib şäheriniň esasy böleginde gözegçiligi ýola goýdy.
Halap we Damask şäherleriniň arasynda ýerleşýän şäher strategiýa taýdan esasy orun eýeleýär
Şäher dolulygyna ele geçirlen halatynda çaknyşyklaryň Asadyň güýçli bolan kenarýaka Lazkiýe şäherinde güýçlenip biljekdigi nygtalýar.
Idlib şäheri şol bir wagtda Lazkiýe şäherine hem diýseň ýakyn.
Oppozisionerler Siriýada içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek öňe gitmegi başardy.
Beýleki tarapdan Siriýanyň hökümetiniň wekilleri bilen oppozisionerleriň Russiýada parahatçylyk gepleşikleri üçin aprel aýynda duşuşmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar