Yrak Tikride howa hüjüminiň guralmagyna garaşýar

Yragyň Prezidenti Fuad Masum ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki halkara hyzmatdaşlardan DAİŞ-e garşy howa hüjümini başlatmagyna garaşýandyklaryny aýtdy

281138
Yrak Tikride howa hüjüminiň guralmagyna garaşýar

Bagdatda Prezident köşkünde beýanat beren Fuad Masum, hyzmatdaş güýçleriniň uçarmansyz howa ulaglary bilen barlag uçuşlaryn geçirendigini ýatladyp: “Gelen harbarnamalar laýyklykda howa hüjüminiň başladylmagyna garaşýarys” diýdi.
Beýleki tarapdan resmi Waşingtonda Yragyň harby goşunyna Türkridiň üstünde geçirilen barlag uçuşlary barada maglumat berýändigini beýan etdi.
Amerikaly harby ýoşbaşçylardan biri: “Yragyň hökümetinin islegine laýyklykda hyzmatdaş güýçlere degişli uçarlar 21-nji martda Tikritde barlag uçuşlaryna başlady. Häzirki wagtda Amerika şol goldawy berýär” diýdi.
Yragyň goşunyndan 30 müňden gowrak esger we meýletin söweşijiler ýurduň ozalky lideri Saddam Hüseýiniň doglan şäheri bolan Tikridiň golaýyndaky obadyr şäherçeleri DAİŞ-den yzyna alan hem bolsa, şäheriň merkezini alyp bilmändi.
Yragyň goşuny geçen hepde asuda ilatyň çekýän ýitgisiniň öňüni almak maksady bilen Tikride guralýan operasiýanyň bes edilendigini habar beripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar