Fransiýa taryhynyň iň pajygaly uçar hälikçiligini başdan geçirýär

Nemes howaýollary kompaniýasy Lufthansa degişli “GermanWings” howaýollarynyň uçarlaryndan biri Fransiýanyň günortasynda ýere gaçdy

279902
Fransiýa taryhynyň iň pajygaly uçar hälikçiligini başdan geçirýär

Uçardaky 2 sanysy bäbek, 16 sanysy mekdep okuwçysy jemi 150 adamdan halas bolan ýok.
Ýolagçylaryň arasynda türkleriň hem bardygy habar berilýär.
Fransiýanyň Premýer ministri Manuel Wills heläkçiligiň bolan ýerine dik uçar bilen barandygyny, heläkçilikden halas bolanyň ýokdugyny aýtdy.
Heläkçiligiň sebäbiniň derňelýändigini aýdan “GermanWings” kompaniýasynyň wekili, uçaryň ýerli wagt bilen 10:40-da alty müň fitde uçýarka radardan ýitendigini habar berdi.
Beýanata görä uçar 8 minudyň dowamynda ýere gaçdy.
Şengen ylalaşygyna görä ýolagçylara pasport soralmaýandygy üçin ýolagçylaryň şahsyýeti barasynda maglumat berilmeýär.
Heläkçiligi tragediýa hökmünde häsýetlendiren Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland, ýere gaçan uçarda nemes, ispan we türk ýolagçylaryň bardygyny aýtdy.
Oland heläkçiligiň bolan ýerine barmagyň kyndygyny nygtady.
Uçaryň böleglerinin 2 kilometr giňişligindäki meýdana ýaýrandygy habar berilýär.
Guryýerden barmak üçin edilýän synanşyklar aýsbergler sebäpli ýuwaş dowam edýär.
Uçaryň gaçan ýerinden 8-10 kilometr alysdaky şaýatlardan bri, uçary görmändiklerini, emma biri 8, beýlekisi 30 sekunt dowam eden güýçli ses eşidendigini aýtdy.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bolsa heläkçiligiň sebäbini anyklamak üçin Fransiýa we İspaniýa bilen bilelikde işleşjekdiklerini aýtdy.
Merke ertir heläkçiligiň bolan ýerine gitjekdigini mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar