Çopanlar bilen daýhanlar çaknyşdy

Nigerýada bolan çaknyşykda aýyndan 25 adam ýogaldy

265592
Çopanlar bilen daýhanlar çaknyşdy

Nigerýanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Taraba welaýatynda bolan çaknyşykda azyndan 25 adam ýogaldy.
Çaknyşyk Fulani taýpasyna agza ýaragly çopanlar bilen Aegba obasynyň ýaşaýjylarynyň arasynda boldy.
Fulani taýpasynyň geçen hepde çopanlarynyň Aegba obasyndaky daýhanlar tarapyndan öldürilmegi sebäpli başlan gowga çaknyşyga öwrüldi.
Taraba welaýatynynyň ýaşaýjylary bilen maldarçylyk bilen gün güzeranyny dolandyrýan Fulani taýpasynyň arasynda ekinleriň zaýalanmagy we mallaryň ogurlanmagy ýaly meseleler sebäpli ýygy-ýygydan dartgynlyk başdan geçirilýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar