Kuweýt Gaza 200 million dollar kömek berer

Degişli şertnama Omanda gol çekişildi

262762
 Kuweýt Gaza 200 million dollar kömek berer

İordaniýanyň paýtagty Omanda Kuweýdiň Palestina, Ysraýylyň hüjümlerinde zyýan çeken Gaza Sektorynyň täzeden dikeldilmegi üçin 200 million dollar kömek bermegi barada ylalaşyga gol çekişildi.
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda beriljek kömek iki ýylyň dowamynda Palestinanyň gurluşyk we abadanlaşdyryş ministrliginiň, ýerli dolanşyklar ministrliginiň, milli ykdysadyýet ministrliginiň, ekerançylyk ministrliginiň we Palestinanyň suw edarasynyň gözegçiliginde ýaşaýyş jaý, ifrastruktura, suw, ykdysadyýet we söwda ýaly dürli ugurlara geçiriler.
2014-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Müsüriň paýtagty Kairde geçirilen halkara maslahatynda gatnaşyjylar Gaza ýarysy gurluşyk işlerinde peýdalanmak üçin 5,4 milliard dollarlyk kömek bermegi kepillendiripdi. Şol serişdäniň 2,6 milliard dollarynyň Gazanyň täzeden dikeldilmegine, 2,8 milliard dollarynyň bolsa Palestinanyň hökümetiniň geljek 3 ýyllyk býujetine degişli edilmegi göz öňünde tutulypdy.
BMG-nyň görkezijilerine görä Ysraýylyň 7-nji aprelde başladan we 51 gün dowam eden hüjümlerinde 2272 palestinaly ýogalypdy, 11711 sanysy ýaralanypdy we 92 müňe golaý bina zeper ýetipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar