NATO-nyň harby türgenleşigi bilen Russiýa ýakyndan gyzyklanýar

Russiýa hem giň gerimli harby türgenleşik geçirjekdigini habar beripdi

258286
NATO-nyň harby türgenleşigi bilen Russiýa ýakyndan gyzyklanýar

Russiýa bilen Günbatarly ýurtlaryň arasyndaky dartgynlyk harby türgenleşikler bilen dowam edýär.
NATO-nyň Bolgariýanyň suw giňişliginde Krymyň golaýynda başladan harby türgenleşigi bilen Russiýa ýakyndan gyzyklanýar.
Türgenleşige ABŞ-dan, Kanadadan, Bolgariýadan, Ruminiýadan, İtaliýadan we Türkiýeden harby gämiler gatnaşýar.
NATO mundan başgada Baltika deňzinde 3 müň esgeriň gatnaşmagynda geçiriljek we 3 aý dowam etjek harby türgenleşik üçin taýarlyk görýär.
Russiýa hem geçen hepde ýurduň gündogarynda Krymy öz içine alýan sebitde giň gerimli harby türgenleşik geçirjekdigini habar beripdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar