Russiýa Kipriň grek bölegi bilen harby taýdan hyzmatdaşlyk eder

Nikos Anastasiadisi Moskwa bardy

238337
Russiýa Kipriň grek bölegi bilen harby taýdan hyzmatdaşlyk eder

Russiýa Kipriň grek bölegi bilen harby hyzmatdaşlyk şertnamany baglaşdy.
Şertnama laýyklykda rus harby gämileri Kipriň grek bölegindäki portlardan peýdalanar.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagt Moskwada Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadisi kabul etdi.
Kabul edilşikde liderler harby, maýa goýum we bilim ýaly 9 ugur boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.
Putin rus harby gämileriniň Russiýanyň terrora we garakçylara garşy alyp barýan göreşiniň çäginde Kipriň grek böleginiň portlaryny ulanyp biljekdigini aýtdy.
Wladimir Putin şertnamanyň hiçbir ýurda garşy hereket bolmandygyny aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar