2014-nji ýylda Owganystanda asuda ilatdan 3699 adam ýogaldy

BMG Owganystanda 2014-nji ýylda ýogalanlar baradaky görkezijileri beýanat etdi

222722
2014-nji ýylda Owganystanda asuda ilatdan 3699 adam ýogaldy

BMG terrorçylykly hüjümler sebäpli Owganystanda 2014-nji ýylda ýogalanlar baradaky görkezijileri beýanat etdi.
BMG tarapyndan taýarlanan habarnama görä, Owganystandaky çaknyşyklarda we terrorçylykly hüjümlerde ýogalan asuda ilatyň sany 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 22 göterim ýokarlady.
2014-nji ýylda Owganystanda asuda ilatdan 3699 adam ýogaldy, 6849 adam hem ýaralandy.
Habarnamada ýola goýlan bombalaryň we çaknyşyklarda iki odyň arasynda galmagyň, asuda ilatyň ýogalmagynda esasy rol oýnaýandygy nygtaldy.
2014-nji ýylda owgan howpsyzlyk güýçleri hem 5 müňe golaý gullukçysyny ýitirdi.
2001-nji ýyldan bäri ýogalan Owganystda iş alyp barýan daşar ýurtly esgerleriň sanynyň hem 3500-e ýetendigi bellenildi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar