Minskde ylalaşyk gazanyldy

Ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky ylalaşyk 15-nji fewralda güýje girer

217164
Minskde ylalaşyk gazanyldy

Minskde geçirlen liderler maslahatynda ylalaşyk gazanyldy.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko Belarusyň paýtagty Minskde duşuşdy.
17 sagat dowam eden gepleşiklerde ylalaşyk gazanyldy.
Russiýanyň Prezidenti Putin ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň 15-nji fewralda güýje girjekdigini aýtdy.
Putin agyr ýaraglaryň çekilmegi hakynda hem ylalaşyk gazanylandygyny ýatlatdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar