"Ukraina özünü goramak hukugyna eýe"

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdyn Russiýa berk garşylyk görkezdi

213914
 "Ukraina özünü goramak hukugyna eýe"

Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirilýän Howpsyzlyk konferensiýasynda söz sözlän ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdyn Russiýa berk garşylyk görkezdi.
“Ukraina özüni goramak hukugyna eýe” diýen Baýdyn “Russiýadan söze däl eýsem anyk tagalla garaşýarys” diýdi.
Baýdyn Russiýanyň Daşary işler ministri Segeý Laworyň “Russiýa söweş islemeýär” diýen sözlerine jogap berdi.
Baýdyn “Russiýanyň boş wadalaryna mätäçligimiz ýok. Jenap Putin bize anyk tagallalaryňyzy görkeziň” diýdi.
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdyn konferensiýanyň çäginde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Ukrainanyň Prezidenti Poroşenko bilen üç taraplaýyn duşuşyk geçirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar