Çaknyşyklaryň bes edilmegi ugrundaky tagallalar güýçlenýär

Ukrainanyň gündogarynda möwjeýän çaknyşyklaryň bes edilmegi ugrundaky tagallalaryň depgini güýjeýär

213743
Çaknyşyklaryň bes edilmegi ugrundaky tagallalar güýçlenýär

Şol ugurda işe girişen Germaniýa we Fransiýa täze ylalaşyk meýilnamasynyň üstünde işlemek barasynda Russiýa bilen ylalaşdy. Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň beýan etmegine görä “Şu tagalla netije berip bermejekdigi näbelli hem bolsa, synap görmek üçin degerli.”
Ukrainanyň gündogarynda 10 aýda 5400-e golaý adamyň ýogalmagyna sebäp bolan çaknyşyklaryň bes edilmegi Mýunhen howpsyzlyk maslahatynda-da gün tertibine geldi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçire duşuşygyndansoň Moskwadan Mýunhene baran Angela Merkel, Fransiýa bilen başladylan başlangyjy göz öňünde tutup, “netije berip bermejekdigi näbelli hem bolsa, synap görmek üçin degerli” diýdi.
Russiýa bilen işleşmek barada ylalaşyk gazanylan meýilnama hakynda maglumat berilmedi, emma sentýabr aýynda Belarusda gol çekişilen hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyň ýaňadandan iş ýüzüne geçirilmegi göz öňünde tutuluýandygy nygtalýar.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Berliniň, Parižiň we Moskwanyň üstünde işleýän meýilnamasynyň çaknyşyklaryň bes edilmegini ýola goýup biljekdigini aýtdy.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland bolsa “Parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrundaky tagalla soňky mümkinçilik bolup biler” diýdi.
Ukrainanyň gündogarynda ýitgini günsaýyn artdyrýan çaknyşyklar gumanitar çökgünliklere-de sebäp bolýar.
Sebitde öýlerini terk etmäge mejbur bolanlaryň sany 1,2 million adamdan geçdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar