Gazada Müsüriň kazyýetine garşylyk görkezildi

Müsüriň "Izeddin al Kassamy" terror guramalarynyň sanawyna degişli etmek baradaky kararyna garşylyk görkezildi

211577
Gazada Müsüriň kazyýetine garşylyk görkezildi

Müsüriň kazyýetiniň Hamasyň harby topary "Izeddin al Kassamy" terror guramalarynyň sanawyna degişli etmek baradaky kararyna Gazada garşylyk görkezildi.

Han Ýunus etrapçasynda jemlenşen Gazalylar, Müsüriň Ysraýylyň hüjümlerine garşylyk görkezýän Hamasyň harby toparyny terror guramalarynyň sanawyna almak baradaky kararyna garşy ýöriş guradylar.
Ýörişde karara garşy şygarlar aýdyldy

Izeddin al Kassam harby topary Müsürden we Ysraýyldan başga dünýäde diňe Awstraliýada we Beýik Britaniýada terror guramalarynyň sanawyna degişli edilipdi.

Müsüriň hökümedi geçen ýyl Sinada başdan geçirlen wakalaryň jogapkäriniň Gazalylardıgını öňe sürüpdi we Refah şäherinde onlarça öýi ýer bilen ýegsan edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar