Obama İordan Şasy Abdullah bilen duşuşdy

Obama İordaniýaly uçarmanyň YSYS tarapyndan öldürilmegi sebäpli duýgudaşlyk bildirdi

210737
Obama İordan Şasy Abdullah bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Ak Tamda İordan Şasy Abdullah bilen duşuşdy.
Ak Tam tarapyndan mesele barasynda berlen ýazmaça beýanatda Obamanyň İordaniýaly uçarman Muaz Al Kesasibeniň YSYS terror guramasy tarapyndan öldürilmegi sebäpli Şa Abullaha duýgudaşlyk bildirendigi nygtaldy.
Beýanatda “Prezident Obama bilen Şa Abullah gaýduwsyz uçarmanyň wagşylarça öldürilmeginiň halkara jemgyýetçiligini YSYS-y ýok edilmegi üçin has-da güýçlendirjekdigini nygtadylar” diýildi.
YSYS terror guramasy düýn uçarman Kesasibe bolandygy öňe sürlen adamyň demir kapasada oda berlendigi baradaky wideo-ýazgylary internet arkaly ýaýlyma beripdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar