Obama Netanýahu bilen duşuşmaz

Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna etjek sapary düşünişmezliklere eltdi, bu sebäpli Ak Tamdan beyanat geldi

195509
Obama Netanýahu bilen duşuşmaz

Beýanatda Prezident Obamanyň Netanýahu bilen duşuşmajaklygy aýdyldy.
Ak Tam, Wekiller Palatasynyň başlygy John Boehneryň Netanýaha çakylygy ibermezden ozal özlerine we Daşary işler ministirligine habar berilmän, protokol düzgünlerini bozanlygy sebäpli çakylygy tankyt etdi.
Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň metbugat wekili Bernadette Meehan: “Saýlawalary yetip gelýän ýurtlaryň döwlet adamlary we dalaşgärleri bilen duşuşmaýarys” diýip nygtady we Prezident Obamanyň Netanýahu bilen duşuşmajakdygyny aýtdy.
Boehneriň çakylygyny kabul eden Ysraýylyň premýer ministri Netanýahu 11-nji Fewralda Amerika Kongresinde çykyş eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar