Papa: "Söz azatlygy has ünsli bolmaly"

Papa Fransisk söz azatlygynyň gumanitar hakykatlara laýyk bolmalydygyny aýtdy

190760
Papa: "Söz azatlygy has ünsli bolmaly"

Rim Papasy satira žurnaly “Şarli ebdonyň Hezreti Muhammediň karrikaturalary barada “söz azatlygynyň çäginiň bolşy ýaly, hiç kimiň dini ynanjynyň üstünden gülünmeli däl” diýipdi.
Papa “Hormatly dostum Gasparri ejeme sökse ýüzüne uraryn” diýen sözleri barada žurnalistleriň islegine laýyklykda düşündiriş berdi.
Rim Papasy käbir zatlaryň gorjalanmaly däldigini nygtady.
Ruhani lider “Men birine yzgiderli meçew berip, oňa hüjüm edip bilmerin. Sebäbi onuň gaharyny getirme we garaşylmadyk jogap alma howpy bar. İne şol sebäpli hem söz azatlygy gumanitar hakykatlara ünsli çemeleşmeli, has seresaply bolunmaly” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar