ABŞ Türkiýä, Katara we Saud Arabystanyna esger ugradar

Esgerler Siriýaly oppozisionerlere harby taýdan tälim berer

187977
ABŞ Türkiýä, Katara we Saud Arabystanyna esger ugradar

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon YSYS terror guramasyna garşy göreşiň çäginde 400 amerikan esgerini Türkiýä, Katara we Saud Arabystanyna ugradar.
Esgerler Siriýaly oppozisionerlere harby taýdan tälim berer.
Pentagonyň metbugat geňeşisi Elissa Şmit mesele barasynda beren beýanatynda esgerleriň sanynyň üýtgäp biljekdigini aýtdy.
Harby taýdan tälim berjek esgerleriň howpsyzlygy üçin hem goşmaça hünärmen ugradylar.
Harby tälimiň bahar aýlarynda başlamagyna garaşylýar.
“Tälim ber-üpjün et”maksatnamasynyň çäginde 3 ýylda 15 müň adama harby taýdan tälim berilmegi meýilleşdirilýär


Etiketkalar:

Degişli Habarlar