Jon Kerri Jewad Zarif bilen duşuşar

Eýran bilen 5+1 ýurtlaryň arasynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde gepleşikler geçirler

183919
Jon Kerri Jewad Zarif bilen duşuşar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif bilen duşuşar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelk 5 agzasy we Germaniýanyň arasynda ýaňadandan başlajak ýadro gepleşikleriniň öňüsyrasynda Eýranyň daşary işler ministri Jewad Zarif bilen Ženewada duşuşar.
Eýranly topar 5+1 ýurtlary bilen 17-nji ýanwara çenli iki çäk gepleşikler geçirer we 18-nji ýanwarda bolsa Eýran bilen 5+1 ýurtlaryň arasynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde gepleşikler geçirler.
Ýadro gepleşikleriniň soňkysy 17-nji dekabrda Ženewada geçirlipdi. Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçy gepleşikleriň oňyn geçendigini aýdypdy.
Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelk 5 agzasy we Germaniýanyň arasynda geçirilýän ýadro gepleşikleriniň möhledi doly ylalaşyk gazanylmandygy sebäpli 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli uzadylypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar