ABŞ YSYS-a kömek berýärmi?

Eýranyň Ynkylap goragçylary meýletinleri guramasynyň serkerdesi general maýor Muhammed Ryza Nakdi “ABŞ-nyň YSYS-a kömek berýändigi” baradaky habarlary goldady

174101
ABŞ YSYS-a kömek berýärmi?

Nakdi Tähranda beren beýanatynda ABŞ-nyň YSYS-yn gözegçiligindäki etraplara uçarlar bilen ýarag we kömek enjamlaryny getirýändigini öňe sürüp “ABŞ Yrakda YSYS-a gönüden kömek berýär. Amerikan uçarlary terrorçylar üçin gerek bolan ýaraglary we enjamlary uçarlar bilen getirýär” diýdi.
Yragyň howpsyzlyk güýçlerinin Amerika tarapyndan YSYS-yň gözegçiligindäki etraplara getirilen kömek enjamlarynyň bir bölegini ele geçirendigini öňe süren Nakdi “YSYS-yn operasiýalary ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasyndan gönükdirilýär” diýdi.
YSYS-a garşy göreşýän yrakly meýletinler geçen hepde Yragyň Salahadin şäherinde ABŞ-a degişli dik uçarlardan YSYS-yň baş bozarlaryna ýarag we ok-däri gutularynyň taşlanandygyny öňe sürüpdi. ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasy bolsa habaryň hakykaty beýan etmeýändigini nygtapdy.
ABŞ-nyň YSYS-a kömek berýändigi baradaky habarlar Yragyň mejlisiniň gün tertibine-de gelipdi. Mukteda Al Sadr toparynyň halk deputatlaryndan Hüseýin Al Şerifi Yragyň hökümetine we halkara jemgyýetçiligine “ABŞ-na degişli dik uçarlaryň YSYS-yň baş bozarlaryna berýän ýarag we ok-däri kömeginiň öňüni alyň” diýip çagyryş beripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar