Bolgariýada aşa köp ýagýan gar sebäpli 3 adam ýogaldy

Montana, Wratsa we Loweç welaýatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

166282
 Bolgariýada aşa köp ýagýan gar sebäpli 3 adam ýogaldy

Bolgariýada aşa köp ýagýan gar sebäpli 3 adam ýogaldy.
Bolgariýanyň demirgazyk günbatarynda gar we syrgyn sebäpli 3 adam ýogaldy.
Ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Montana, Wratsa we Loweç welaýatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
Ýolbaşçylar ady agzalýan welaýatlarda elektrik togynyň kesilendigini, ýollaryň ýapylandygyny we ýollarda galan ýüzlerçe adamyň harby ulaglar bilen halas edilendigini nygtady.
Galkynyş we abadanlaşdyryş ministri Liliana Pawlowa hem sürüjilere zynjyrsyz ýola çykmazlyklary barada duýduryş berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar