Pakistan terrorçylyga garşy berk çäre görýär

Terrorçylyga garşy göreş maksady bilen ýörite kaziýetler dörediler

159711
Pakistan terrorçylyga garşy berk çäre görýär

Pakistan terrorçylyga garşy berk çäre görýär.
Syýasy partiýalar tarapyndan gazanylan ylalaşyga laýyklykda terrorçylyga garşy göreş maksady bilen ýörite kaziýetleriň döredilmegi barada karar kabul edildi.
Premýer ministri Nawaz Şerif Yslamabatda syýasy partiýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatdan soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.
Premýer ministr Şerif ýörite kaziýetleriň dörediljekdigini we kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilmegi üçin konstitutsiýa üýtgetme giriziljekdigini belledi.
Pakistanda geçen hepde Taliban tarapyndan Peşawer şäherinde harby mekdebe guralan hüjümde 132 okuwçy bilen 9 mugallym ýogalypdy.
Pakistanyň Kuetta şäherinde naharhananyň öňünde motosiklede goýlan bombanyň uzakdan gönükdirilýän ulgam arkaly ýarylmagy netijesinde 30 adam ýaralandy.
Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar