Pakistanda ýene-de 119 başbozar öldürildi

“Şol terrorçylary ýok etmäge dowam ederis we operasiýalar soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”

153161
Pakistanda ýene-de 119 başbozar öldürildi


Pakistanyň demrirgazyk günbatarynda uly tire-taýpalaryň ýaşaýan sebiti Haýberde Talibanly başbozarlara garşy guralan operasiýada ýene-de 119 başbozar öldürildi.
Pakistanyň ýaragly güýçleriniň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda “Baş ştabyň başlygy goşun generaly Rahil Şerif şu gün Haýber sebitinde Talibanly başbozarlara garşy operasiýa guraýan esgerler bilen duşuşdy. Duşuşykda baş ştabyň başlygy Şerife soňky 2 günde guralan gury ýer operasiýasynda 62 we howa hüjümlerinde hem 57 başbozaryň öldürlendigi barada maglumat berildi” diýildi.
Terrorçylyga garşy göreşýän esgerleri takdyr eden goşun generaly Rahil Şerif “Şol terrorçylary ýok etmäge dowam ederis we operasiýalar soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”diýdi.
Pakistanyň ýaragly güýçleri 17-nji dekabrdan bäri Haýberde Talibana garşy guralýan operasiýalarda 400-den gowrak başbozaryň öldürlendigini habar berdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar