Owganystanda Goranmak ministrligine degişli awtobus nyşana alyndy
Hüjümde 7 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy
Owganystanda kamikaze hüjümi guraldy.
Paýtagt Kabulda Goranmak ministrligine degişli awtobusa guralan hüjümde 7 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy.
Owganystanyň İçeri işler ministri Eýup Salangu Kabulyň Pole Artel etrabynda guralan hüjümde 7 esgeriň ýogalandygyny we 18 esgeriň ýaralanandygyny aýan etdi.
Ýaralananlardan käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy bellenildi.
Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabuiullah Müjahid wakada onlarça esgeriň öldürlendigini öňe sürdi.
Kabulda kimligi näbelli adamlar tarapyndan 2 gün ozal guralan ýaragly hüjümde hem Ýokary kaziýetiň baş sekretary Atikullag Raufi ýogalypdy.
Degişli Habarlar
Ysraýyl, Gaza Sektoryny Ýykyp Ýumurýar
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynda häzire çenli 33 milliard dollarlyk ýitgi çekildi.
BMG, Palestin Döwletiniň Ykrar Edilmegi Üçin Çagyryş Etdi
BMG-nyň habarnamaçylary dünýä ýurtlaryna Palestin döwletiniň ykrar edilmegi üçin çagyryş etdi.