Ösen ýurtlar 100 müň siriýalyny kabul eder

Ösen ýurtlar 100 müň Siriýalyny kabul etmek barada söz berdi

143148
Ösen ýurtlar 100 müň siriýalyny kabul eder


BMG ösen ýurtlaryň Türkiýedäki we beýleki goňşy ýurtlardaky bosgunlaryň sanyny azaltmak maksady bilen 100 müň Siriýalyny kabul etmek barada söz berendigini habar berdi.
BMG-nyň Ženewadaky merkezinde Türkiýedäki we beýleki goňşy ýurtlardaky siriýalylaryň başga ýurtlara ugradylmagy we şol ýerlerde ýaşamagy hakynda geçirlen konferensiýa 40 ýurduň wekili gatnaşdy.
Konferensiýa gatnaşyjylar ýurtlaryna kabul ediljek siriýalylaryň sany barada maglumat berdi.
Konferensiýanyň öňüsyrasynda BMG ösen ýurtlara has köp siriýalyny kabul etmek barada çagyryş berdi.
BMG 2016-njy ýyla çenli 130 müň siriýalynyň kabul edilmegi barada çagyryş beripdi.
Konferensiýada Ýewropada Şwesiýanyň we Germaniýanyň iň köp siriýalyny kabul eden ýurtlardygy nygtaldy.
ABŞ 9 müň siriýalyny kabul etmäge taýardygyny mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar