Terror guramasy YSYS-a garşy göreşiň depgini güýçlenýär

Kobani atlandyrylýan Aný al Arabda terror guramasy YSYS-a garşy göreş agyr ýaraglar bilen köçe çaknyşyklary görnüşinde dowam edýär

210086
Terror guramasy YSYS-a garşy göreşiň depgini güýçlenýär

Mergenleriň gatnaşmagyndaky çaknyşyklaryň 77-nji gününde YSYS-a soňky günleriň iň agyr zarbasy uruldy.
Kürt toparlary Amerikan harby uçarlarynyň goldaw bermeginde 50 başbozaryň öldürilendigini habar berdi.
Amerikan harby uçarlary YSYS-yň Siriýanyň Rakka şäherindäki 30 ýerini bombalady.
Beýleki tarapdan Yragyň paýtagty Bagdatda guralan 3 bombaly hüjümde 7 adam ýogaldy.
Hüjümde 12 adamyň ýaralanandygy habar berildi.
Yragyň Premýer ministri Haýdar Al İbadi Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministri Neçirwan Barzani we bileligindäki wekiliýeti kabul etdi.
Duşuşykda sebitleýin meseleler barada pikir alyşdylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar