Peres Ýehudi halk döwleti kanun taslamasyna garşylyk görkezdi

“Ysraýyl döwletinde “ýehudi” we “demokratiýa” adalgalarynyň arasynda haýsy beýlekisinden has üstündir”

208343
Peres Ýehudi halk döwleti kanun taslamasyna garşylyk görkezdi

Ysraýylyň ozalky Prezidenti Şimon Peres Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň geljek hepde mejlisiň gün tertibine hödürlejek Ýehudi halk döwleti kanun taslamasyna garşylyk görkezdi.
Peres “Ýehudi halk döwleti kanun taslamasy Ysraýylyň garaşsyzlyk jarnamasynyň syýasy bähbitler sebäpli öňüniň alynmagy diýmekdir. Kanun ýurdumyza hem içerde hem-de daşarda uly zeper ýetirer, Ysraýylyň demokratika ýörelgelerine bap gelmeýär” diýdi.
“Ysraýyl döwletinde “ýehudi” we “demokratiýa” adalgalarynyň arasynda haýsy beýlekisinden has üstündir” diýip soran Peres ýurdunyň demokratiýa gymmatlyklaryna laýyk hereket etmelidigini belledi.
Geljek hepde çarşenbe güni Mejlisde sese goýuljak kanun taslamasynda “Ysraýyl ýehudileriň ene watanydyr we Ysraýylyň raýatlary deň hukuklara eýedir” diýilýär.
Sese goýulşykda tassyklanmagyna garaşylýan taslama Ysraýylyň konstitutsiýasynyň ýokdygy sebäpli esasy kanun hökmünde hasap ediler. Kanun taslamasynda Ysraýyl döwleti sebitinde döwlet hökmünde däl-de eýsem dünýadaki ähli ýehudileriň wekili etniki-dini döwlet hökmünde kesgitlenýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar